Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky Liwiýa we Siriýa bilen bagly gepleşikler tamamlandy

Düýn Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine baran türk wekiliýet, Liwiýa we Siriýa bilen bagly geçirilen gepleşikleri tamamlap, Türkiýä gaýdyp geldiler

1328792
Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky Liwiýa we Siriýa bilen bagly gepleşikler tamamlandy

Türk wekiliýetiniň Moskwada geçiren gepleşiklerinde Liwiýadaky hadysalar, Idlibiň soňky ýagdaýy we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň 8-nji ýanwarda Türkiýä gurajak saparynyň taýarlyklary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Daşary işler ministrliginden türk wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikler barada berilen beýanatda: “Türkiýe bilen Liwiýa babatynda gepleşikleriň dowam etmegi barasynda ylalaşyk gazandyk” diýip habar berildi.

Beýanatda rus wekiliýetine Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Orta Gündogar we Afrika ýurtlary boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanowyň, türk wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylyk edendigi mälim edildi.



Degişli Habarlar