PKK/KJK-nyň hataryndan gaçan ýene-de 4 terrorçy boýun egdi
Terror guramasynyň hataryndan gaçýanlaryň sany soňky ýyllaryň iň ýokary çägine çenli baryp ýetdi
Içeri işler ministrliginden berlen beýanata görä, ýurduň içinde we serhetaşa guralýan operasiýalar sebäpli ähli taraplaýyn uly ýitgi çekýän terror guramasynyň hataryndan gaçýanlaryň sany gün saýyn köpelýär.
Operasiýalar we maşgalalaryň berýän goldawlary sebäpli guramanyň hataryndan gaçýanlaryň sany soňky ýyllaryň iň ýokary çägine çenli baryp ýetdi.
Şol çäkde PKK/KJK-ly 3 terrorçy howpsyzlyk güýçleriniň geçiren gepleşikleri netijesinde, 1 terrorçy hem guramanyň hataryndan gaçyp Şyrnakda boýun egdi.
Beýleki tarapdan 2019-njy ýyldan bäri geçirlen gepleşikler netijesinde boýun egen terrorçylaryň sany 260-a ýetdi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.