Oktaý ABŞ-nyň sanksiýa bilen bagly hemlelerine reaksiýa bildirdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, ABŞ tarapyndan edilen sanksiýa bilen bagly hemlelerine reaksiýa bildirdi

1327308
Oktaý ABŞ-nyň sanksiýa bilen bagly hemlelerine reaksiýa bildirdi

Fuat Oktaý, býujet bilen bagly geçirilen gepleşikleriň soňky gününde TBMM-de eden çykyşynda, Russiýadan satyn alynan S-400 howa goranyş ulgamlary we Türkiýäniň hem taslama boýunça hyzmatdaşy bolan F-35 harby uçarlar bilen baglanşykly ABŞ tarapyndan edilen sanksiýa bilen bagly hemlelerine nägilelik bildirdi.

Fuat Oktaý: “S-400 we F-35 bilen başlaýan etapda bizi sanksiýalar bilen hemle atýanlar, goranyş senagatmyzda durmuşa geçiren milli tehnologiýa göçümimize ser salyp hemleleriň bizi ýerli önümçilige has hem höweslendirjekdigini bilmelidirler. Türkiýe uzak wagt soň däl, eýsem örän ýakyn wagtda öz howa goranyş ulgamlaryna, F-35-e meňzeş uçarmansyz we uçarmanly harby uçarlaryna, sürüjisiz gury ýer goranyş ulaglaryna eýe bolar. Bularyň dizaýnyndan başlap önümçiligine çenli lider ýagdaýdaky ýurtlaryň biri bolar” diýip beýan etdi.


Etiketkalar: #F-35 , #S-400 , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar