"Terror guramasy PKK-a taryhynyň iň uly zarbasy uruldy"

Prezident Erdogan, terror guramasy PKK-a taryhynyň iň uly zarbasynyň urlandygyny aýtdy

1324737
"Terror guramasy PKK-a taryhynyň iň uly zarbasy uruldy"
erdogan cenevre UIB1.jpg

Prezident R. T. Erdogan, terror guramasy PKK-a taryhynyň iň uly zarbasynyň urlandygyny aýtdy.

Bosgunlaryň halkara forumyna gatnaşmak üçin Şweýsariýa giden Prezident Erdogan, Halkara demokratlar bileleşiginiň  wekillerini kabul etdi.

Prezident Erdogan kabul edilşikde terrora garşy göreş hakynda maglumat berdi.

Terror guramasy PKK-a ýurduň içinde we serhetaşa operasiýalar bilen uly zarba urandyklaryny aýdan Prezident R. T. Erdogan “Soňky 3 ýylda guralan 3 operasiýa bilen günorta serhedimizde guralmaga çalşylan terror koridoryny ortadan aýyrdyk hem-de Siriýanyň territorial bütewiliginiň goralyp saklanmagy üçin aýgytly ädim ätdik. Belli imperýalist güýçleriň goldawy bilen 9 ýyldan bäri taýarlan meýilnamalaryny gahryman Mehmetjiklerimiziň we Siriýanyň Milli goşunynyň hataryndaky doganlarymyzyň egilşiksiz göreşi netijesinde diňe birnäçe hepde-de puja çykardyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar