Fahrettin Altun: “NATO ýaňadandan gözden geçirilmeli” diýdi

Fahrettin Altun beýanat berdi

1321556
Fahrettin Altun: “NATO ýaňadandan gözden geçirilmeli” diýdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, gowşan we özüni täzeläp bilmeýän bir NATO-nyň, dünýä parahatçylygyna, Ýewropa we Orta Gündogara bir goşandygynyň bolup bilmejekdigini habar berdi.

Fahrettin Altun, mikroblog platformasy Medium hasabyndan, Britaniýanyň paýtagty London şäherinde geçirilen NATO-nyň Liderler maslahaty bilen bagly “Bir maslahatdan soň: NATO nirä barýar?” atly makala çap etdi.

Käbir ýurtlaryň eýýäm birnäçe wagt bäri Türkiýäniň NATO-daky pozisiýasyny jedelleşige açýandygyny aýdan Altun: “NATO özüni gözden geçirmese, dünýä parahatçylygyna goşant goşup bilmez” diýip belledi.

Türkiýäniň hemişe hyzmatdaşlyk ruhyna laýyk ýagdaýda hereket edendigini, emma özüne garşy beýle edilmändigini aýdan Altun: “NATO agza ýurtlar gynansagam Türkiýäniň terrora garşy göreşine ýeterlik derejede goldaw bermedi. Siriýanyň demirgazygyndaky ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e goldaw berildi, FETÖ agzalaryna gujak açyldy. Türkiýäniň DAIŞ-e garşy göreşi ünsden düşürildi. Hatda käbir ýurtlaryň liderleri Türkiýä hüjüm etmegi we ýurdumyzy haksyz ýagdaýda aýyplamagy bir syýasat ýagdaýyna getirdiler” diýip nygtady.  

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, NATO-daky 2-nji iň uly gury ýer güýçlerini özünde jemleýän Türkiýäniň alýans üçin strategik ähmiýede eýedigini ýatladyp, NATO-nyň täze strategiýalar oýlap tapmalydygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #London , #NATO , #Fahrettin Altun

Degişli Habarlar