Türkiýe fransuz howpsyzlyk güýçleriniň protest ýörişlerinde aşa güýç ulanmagyny ýazgardy

Fransiýada ýaşaýan we Fransiýa gitjek türk raýatlaryna ýurtda başdan geçirilýän wakalara üns bermekleri barada duýduryş berildi

1319203
Türkiýe fransuz howpsyzlyk güýçleriniň protest ýörişlerinde aşa güýç ulanmagyny ýazgardy

 

Ankara, fransuz howpsyzlyk güýçleriniň protest ýörişlerinde Anadoly Habarlar gullugynyň habarçysy bilen birlikde birnäçe žurnaliste garşy guralan hüjüme reaksiýa bildirdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Twittterden beren beýanatynda Fransiýanyň howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagyny ýazgardy.

Altun mesele hakynda beren beýanatynda “Parižde geçirilýän wakalar hakynda habar taýarlaýan Anadoly habarlar gullugynyň foto-žurnalisti Mustafa Ýalçyna garşy fransuz howpsyzlyk güýçleri tarapyndan guralan hüjümi berk ýazgarýaryn. Kommunikasiýalar edarasy hökmünde degişli guramalar bilen birlikde waka bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis” diýdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda hem “Fransuz howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagyna alada bildirýäris” diýildi.

Beýanatda, fransuz hökümete Ýewropanyň kanunlaryna we ähli umumy adam hukuklaryna laýyklykda hereket etmegi barada çagyryş berildi.

Beýanatda şeýle hem fransuz resmileriniň waka sebäpli ötünç soramandygyna üns çekildi.

Daşary işler ministrligi, Fransiýada ýaşaýan we Fransiýa gitjek türk raýatlaryna ýurtda başdan geçirilýän wakalara üns bermekleri barada duýduryş berdi.



Degişli Habarlar