Terror guramasy PKK/ÝPG 9-njy oktýabrdan bäri 45 adamy gyrdy

Terror guramasy PKK/ÝPG “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň geçirilýän zolagynda we ýurduň içinde 9-njy oktýabrdan bäri asuda ilatdan 45 adamy gyrdy, 244 adamy ýaralandy

1317668
Terror guramasy PKK/ÝPG 9-njy oktýabrdan bäri 45 adamy gyrdy

Milli goranmak ministrliginiň twitter hasabyndan berilen habarnamada Ýefrat derýasynyň gündogarynda howpsyz zolagyň döredilmegi üçin alynyp barylýan işleriň oktýabr aýynyň 17-sinde we 22-sinde ABŞ hem-de Russiýa bilen gazanylan ylalaşyklara laýyklykda dowam etdirilýändigi nygtalýar.

Milli goranmak ministrliginiň göreşiniň terrorçylara garşydygy we bigünä asuda ilatyň nyşana alynmandygyna üns çekilýän beýannamada; “9-njy oktýabrdan bäri PKK/ÝPG terrorçylary tarapyndan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň geçirilýän zolagynda gönüden asuda ilaty nyşana alan bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümlerde 23 sany bigünä adam gyryldy, 55 adam ýaralandy. Ýurduň içinde guralan raketaly we minemýotly hüjümlerde bolsa 22 raýatymyz gyryldy, 189 raýatymyz ýaralandy” diýilýär.

 



Degişli Habarlar