Erdogan Katara resmi sapar gurady

Prezident R.T.Erdogan Türk-Katar Bilelikdäki Harby Serkerdeliginiň Taryk Ben Ziýad Kazarmasyna baryp gördi

1312342
Erdogan Katara resmi sapar gurady

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde: “Hiç kim ýurdumyzyň sebitdäki başlangyçlaryndan biynjalyk bolmaly däl” diýdi.

Erdogan: “Siz bärde 2,200 ýyllyk geçmişi bilen dünýäniň iň gadymy guşunlaryndan biri bolan Türk ýaragly güýçleriniň abraýly agzalary hökmünde iş alyp barýaňyz. Her biriňiz şol bir wagtda türk milletine wekilçilik edýäňiz. Türkiýäniň Prezidentinde we Serkerdebaşy hökmünde her biriňizi gutlaýaryn” diýdi.

Katar bilen harby, howpsyzlyk we goranyş senagaty pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň özara gatnaşyklaryň özenini emele getirýändigine ünsi çeken Erdogan; “Kataryň howpsyzlygyny ýurdumyzyň howpsyzlygyndan aýry görmeýäris. Siz Kataryň harby edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, harby tälim we okuw ugurlarynda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, türgenleşik, okuw we tälim arkaly goranyş ukybyny kämilleşdirmegi üçin geldiňiz. Siz Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen 2017-nji ýylda başlan dartgynlykdan soň katarly doganlarymyzyň asudalygyny we howpsyzlygyny üpjün etdiňiz. Özüňizi alyp baryşyňyz, buýsanjyňyz bilen Kataryň halkynyň köňlünde tagt gurduňyz” diýdi.

Taryhyň haýsydyr bir döwründe dostlaryny howplaryň we wehimleriň garşysynda ýeke goýmandyklaryny, goýmajakdyklaryny beýan eden Erdogan: “Türkiýe düýpli gatnaşyklary bolan Aýlag sebitiniň parahatçylygyna, howpsyzlygyna we durnuklylygyna uly ähmiýet berýär. Sebitiň asudalygynyň bütin Ýakyn Gündogaryň durnuklylygy taýdan möhümdigine ynanýarys. İne siziň şu ýerde alyp barýan işleriňiz diňe bir doganlyk Kataryň däl, bütin Aýlag sebitiniň durnuklylygyna we parahatçylygyna hyzmat edýär. Hiç kim ýurdumyzyň bu sebitdäki başlangyçkaryndan biynjalyk bolmaly däk” diýdi.

Erdogan soň Katara saparyny tamamlap Türkiýä gaýtdy.



Degişli Habarlar