“Biz kürtlere garşy däl, terrorçylara garşy göreşýäris”

Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýanat berdi

1312805
“Biz kürtlere garşy däl, terrorçylara garşy göreşýäris”

Prezident R.T.Erdogan ÝPG/PKK/PÝD-niň hem DAIŞ ýaly terror guramasydygyny nygtap, kürtlere garşy däl, eýsem terrorçylara garşy göreşýändiklerini aýtdy.

Preizdent Erdogan Türkiýe-Katar Ýokary strategik maslahatynyň bäşinji mejlisi mynasybetli Katara guran saparyndan soň Dohadan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Siriýanyň demirgazyngynda terrordan saplanan zolaklaryň gaýtadan dikeldilmegi üçin edilmeli işler barada durup geçen Erdogan: “Ol ýerde ýaşaýyş jaýlaryny gursak, dünýä görelde bolar. Esasanda Tal Abýad bilen Rasulaýnyň arasynda başlangyç edip bileris. uzynlygy 120, giňligi 30 kilometr zolakda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başlamagyň özem Siriýada-da dünýäde-de bosgunlar bilen bagly meselelerde görelde bolar. Dünýäniň başga ýerinde beýle taslama ýok. İş ýüzüne geçen halatynda ilkinjisi bolar. Esasanda ýaşaýyş jaýlary, hassahana, mekdep, ybarathana, sosial üpjünçilik binalary görenleri haýran edýär. Şeýle başlangyjyň edilmegi kamagatlanma döredýär” diýdi.

Arap Ligasynda Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda terrorçylara garşy alyp barýan göreşine ýalan-ýalňyş çemeleşmeleriň bardygyny nygtan Erdogan: “Biziň ýurdumyzdaky 4 million bosgunyň 350 müňi kürt, 3,5 milliony bolsa arap, ezidi, keldani, arami we beýlekilerden ybarat. Bularyň ýüküni çekýän, 40 milliard dollardan gowrak çykdajy eden Türkiýe. Bular edilenleri görmeýişleri ýaly Arap Ligasynyň agzalary sebite 1 teňňe goşant goşmadylar. Soňam utanman, çekinmän Türkiýäni tankyt edýärler. İne şeýle hakykatam bar” diýdi.

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna möhlet kesgitlemegiň ýalňyş boljakdygyny nygtan Erdogan: “Biziň ol ýerdäki göreşimiz belli bir möhlete bagly däl. Şeýle harby operasiýalarda möhlet kesgitlemek, wagt bermek mümkin bolmaz. Şu güne çenli täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1230. Biziň 12 esgerimiz şehit. Siriýanyň Milli goşunyndan 241 şehit bar. Asuda ilatdan bolsa 22 adam ýogaldy” diýdi.

Ilkinji nobatda terror guramasynyň meçew bermelerini ortadan aýyrmak isleýändiklerini nygtan Erdogan: “Biziň göreşimiz kürtlere garşy däl, terrorçylara garşy. PÝD, ÝPG, DAİŞ terrorçydyr. Şol guramalaryň ählisine garşy göreşýäris. Bir seredýäň Mazlum Kobani adyny alan bir terrorçy bar. Şol adam Ferhat Abdi Şahin, Şahin Jilo kod atly terrorçy. Ony ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine wideo ýazgylar bilen düşündirdim” diýdi.

Erdogan ABŞ bilen dartgynlyga sebäp bolan S-400 howa goranyş ulgamynyň ulanylmazlygynyň mümkin bolmandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar