Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Milli goranmak ministrligi Türk ýaragly güýçleriniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşi barada beýannama berdi

1309850
Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň sebitinde Türk ýaragly güýçlerine hüjüm guran 7 sany ÝPG/PKK terrorçysy Aýnularap etrabynyň çetki obalaryndan birinde ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli goranmak ministrliginden twitter arkaly berilen maglumatda: “ “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň zolagyndaky güýçlerimize hüjüm guran 7 PKK terrorçysy gözleg we gözegçilik ulaglar tarapyndan Aýnularabyň çetki obalaryndan birinde anyklandy we dronlar bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýilýär.

 



Degişli Habarlar