Terrorçylara degişli bombaly ulag ele salyndy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitindäki Tel Abýatda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan taýarlanan bombaly ulag ele salyndy

1307050
Terrorçylara degişli bombaly ulag ele salyndy
bombali arac.jpg
bombali arac.jpg

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media saýty Twitteriň üsti bilen berilen beýanatda: “Terror guramasy PKK/ÝPG-nyň asuda ilata garşy bombaly ulag bilen guramak islän hüjümiň soňky pursatda öňi alyndy. Tel Abýadyň günortasyndaky Hamam Turkuman diýilen ýerde partladylmak üçin taýarlanan bombaly ulag ele salyndy. Asuda ilata zeper ýetmezlik üçin ulag boş meýdanda gözegçilik astynda partladyldy” diýip habar berildi.

Beýleki tarapdan Diýarbakyryň Lije etrabynda terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada 5 tonna 38 kg neşe maddasy ele salyndy.



Degişli Habarlar