Prezident Erdogan 10-njy noýabr Atatürki Hatyralama güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Respublikanyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykan gününiň 81-nji ýyly mynasybetli ýüzlenme çap etdi

1303443
Prezident Erdogan 10-njy noýabr Atatürki Hatyralama güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan, Gazy Mustafa Kemal Atatürki bakyýete gitmeginiň 81-nji ýylynda hormat bilen hatyralaýandygyny belläp: “Eziz milletimiziň we bütin dünýäniň uly metrebesine laýyk görülen bir lider bolan Atatürki manyly, milli ygtyýaryň tarapdary bolan bir şahsyýet, bir adam hökmünde ýaşlarymyza we çagalarymyza düşündirmelidiris; başdan geçirilen kynçylyklary we edilen deňsiz-taýsyz göreşleri ýatdan çykarmadan, birlik we jebislik içinde, gelejek üçin ýakylan alawy täze nesillere ýetirmelidiris” diýip nygtady.

Türk Milletiniň, şehitleriň ganlary we şikes ýetenleriň pidakärligi bilen goralan bu watany we baýdagy, hemişe goramaga taýardygyny aýdan Erdogan, Türkiýe Respublikasynyň, geçmişden alan güýji bilen ähli päsgelçiliklere garamazdan batly gadamlar bilen öňe gitmegi we özgermegi dowam etdirýändigini habar berdi.

Prezident Erdogan: “Gelejege hemişekiden has uly umyt bilen, has uly tutanýerlilik bilen gadym basylýarka, biz hem şu günki gün, Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň iň uly eserim diýip atlandyrýan Respublikamyza eýe çykýarys, ýurdumyzy has özgertjek ädimleri, irmeden, ýadamadan durmuşa geçirýäris. Bu pikirler bilen aradan çykmagynyň 81-nji ýylynda Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürki we egindeşleri bilen watanymyz ugrunda janyny beren ähli şehitlerimizi we şikes ýeten ähli gahrymanlarymyzy ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýaryn” diýip belledi.



Degişli Habarlar