Prezident Erdogan Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan bilen Putin özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we söwda mukdarynyň ýokarladyrylmagy barada pikir alyşdy

1303391
Prezident Erdogan  Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan  Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Siriýa meselesi hakynda pikir alyşan Erdogan bilen Putin, 22-nji oktýabrda Türkiýe-Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirlen howpsyz zolakdan terrorçylaryň çykarylmagyny göz öňünde tutýan Soçi ylalaşygyna tabyndyklaryny beýan etdi.

Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşliginde şeýle hem özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we söwda mukdarynyň ýokarladyrylmagy barada pikir alyşdy.



Degişli Habarlar