Fuat Oktaý ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Wise-prezident Fuat Oktaý, ABŞ-nyň 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirildi

1300590
Fuat Oktaý ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Fuat Oktaý, ABŞ-nyň 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasynyň, Türkiýäni terror guramalaryna garşy göreşinden dändirip bilmejekdigini habar berdi.

Paýtagt Ankarada Ýokary Bilim Geňeşinde (ÝÖK) geçirilen kongrese gatnaşan Oktaý, ol ýerde eden çykyşynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň taýarlan habarnamasyny tankyt etdi.

Oktaý: “ABŞ-nyň 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasy, düýn hem Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň belläp geçdik, ol FETÖ garşy göreşimizdenem, ÝPG terror guramasyna garşy göreşimizdenem dändirip bilmez” diýip habar berdi.

“Haçanda aýaga galsak, ösmäge başlasak, öňümize seretsek, öňümiz, aýaklarymyz terror guramalary bilen gandallanmaga başlaýar” diýen Oktaý, muňa ýol bermejekdiklerini we Türkiýäniň özgermäge dowam etjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar