Türkiýe, ABŞ-nyň  Döwlet sekretarlygynyň terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirdi

Hami Aksoý  habarnamany “Amerikaly ýolbaşçlaryň hukuka bap gelmeýän tutumlarynyn üstünü örtmek tagallasy” hökmünde häsiýetlendirdi

1299493
Türkiýe, ABŞ-nyň  Döwlet sekretarlygynyň  terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe, ABŞ-nyň  Döwlet sekretarlygynyň 2018-nji ýyl boýunça terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý  habarnamany “Amerikaly ýolbaşçlaryň hukuka bap gelmeýän tutumlarynyn üstünü örtmek tagallasy” hökmünde häsiýetlendirdi

Aksoý habarnamada, ABŞ tarapyndan “daşary ýurtly terror guramalarynyň” sanawyna alynan PKK-nyň 2015-2018-nji ýyllaryň aralygynda Türkiýede 1200-den gowak esgeriň we asuda ilatyň şehit edilmeginiň sebäpkäri bolandygynyň bellige alynandygyna ünsi çekdi we “ ÝPG-nyň adynyň agzalmazlygy, onyň ýerine “PKK-nyň Siriýadaky bölegi” frazasynyň ulabylmagy şol terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýän Amerikaly ýolaşçylaryň hukuga bap gelmeýän tutumlarynyn üstünü örtmek tagallasy” diýdi

Hami Aksoý habarnamada “Türkiýäni nyşanan alan başga bir terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy hakynda “sürgündäki din adamy” diýilmegi, 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyna biperwaý çemeleşmek ýada goldaw manysyny aňladýar. Bigünä 251 raýatymyzy şehit eden we müňlerçe raýatymyzyň ýaralanmagyna sebäp bolan 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynyň arkasyndaky terror guramasy FETÖ-niň diňe Türkiýe üçin däl eýsem iş alyp barýan ýurtlary taýdan hem howplydygy ýatdan çykarylmaly däl we terrora garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigine üns berilmeli” diýip belledi

 



Degişli Habarlar