TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop Ýaponiýada saparda bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, G-20-ä agza ýurtlaryň Parlament başlyklarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa gitdi

1299182
TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop Ýaponiýada saparda bolýar

Haneda howa menzilinde Mustafa Şentopy we ýanyndaky wekiliýeti Türkiýäniň Ýaponiýadaky ilçisi Hasan Murat Merjan garşylady.

Ertir başlajak G-20-ä agza ýurtlaryň Parlament başlyklarynyň maslahatynda tapawutly meseleler boýunça 3 aýry bölüm geçiriler.  

Maslahatda Mustafa Şentop hem çykyş eder.

TBMM-nyň başlygy Şentop mundan başgada G-20-ä agza ýurtlaryň Parlament başlyklary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.



Degişli Habarlar