Prezident Erdogan Şanlyurfadaky Operasiýa merkezine bardy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Şanlyurfa welaýatyndaky Operasiýa merkezine baryp gördi

1299327
Prezident Erdogan Şanlyurfadaky Operasiýa merkezine bardy

Prezident Erdogany daşaýan uçar, Şanlyurfadaky GAP howa menziline gondy. 

Erdogan ondan soň Şanlyurfa welaýatyndaky 2-nji Sowutly brigada birikmesine geçdi. 

Şanlyurfadaky Gurýer güýçleri serkedeliginiň bilelikdäki giňişleýin operasiýa merkezine baran Erdogan, Siriýanyň demirgazygynda terrorçylara garşy geçirilýän Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly maglumat aldy. 

Şanlyurfanyň gubernatorlygyna hem baryp gören Erdogan, şeýle hem Akçakale Döwlet hassahanasyna baryp, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Siriýanyň Tel Abýad etrabynda guran hüjüminde ýaralanan adamlaryň ýanyna barar. 

 



Degişli Habarlar