Türkiýe ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň kararyny ýazgardy

Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly mesele bilen bagly beýanat berdi

1296811
Türkiýe ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň kararyny ýazgardy

Türkiýe, ABŞ-nyň Wekiller palatasynda Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK/SDG we DAIŞ-e garşy geçirilýän Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy delil görkezilip, Türkiýä garşy sanksiýalar girizmek bilen bagly kanun taslamasynyň kabul edilmegini berk ýagdaýda ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen beýanatda: “Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy delil görkezilip, ýurdumyza garşy sanksiýa goýulmagyny öz içinde jemleýän bir kanun taslamasynyň şu gün ABŞ-nyň Wekiller mejlisinde kabul edilmegini berk ýagdaýda ýazgarýarys” diýip bellendi.

Türkiýede ýokary derejeli resmileri we Ýaragly güýçlerini nyşana alan kanun taslamasynyň, NATO-nyň çäginde alynyp barylýan hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigi bellenen beýanatda, 17-nji oktýabrda Siriýa babatynda ABŞ bilen baglaşylan ylalaşygyň düzgünlerine hem ters gelýändigi habar berildi.

ABŞ-nyň birtaraplaýyn häsýetdäki hemleleri bilen ýol alyp bilmejekdigi bellenen beýanatda: “Soňky wagtlarda hyzmatdaş bir ýurt bilen terror guramasynyň arasyndaky tapawudy ünsden düşüren beýanatlary we aksiýalary bilen, terrorçylaryň ýolbaşçysyny kanunylaşdyrmaga çalyşýan ABŞ-nyň resmileriniň, birtaraplaýyn häsýetdäki hemleleri bilen ýol alyp bilmejekdiklerini bilmelidirler” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar