ÝPG/PKK sosial mediadaky ýalan habarlaryny dowam etdirýär

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň tarapdarlarynyň sosial mediadaky ýalan habarlary dowam edýär

1291211
ÝPG/PKK sosial mediadaky ýalan habarlaryny dowam etdirýär
ypg-pkk manipulasyon3.jpg
ypg-pkk manipulasyon2.jpg
ypg-pkk manipulasyon1.jpg

 

Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge synanyşylan terror korridoryny ortadan aýyrmak, sebite parahatçylygy we asudalygy getirmek maksady bilen başladylan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna garşy sosial mediada alynyp barylýan propogandirleme işlerinde terror guramasy ÝPG/PKK-nyň tarapdar toparlary, sebitdäki söweşde zyýan ýeten gözi ýaşly maşgalanyň suratyny operasiýa mahaly alynan ýaly edip görkezmäge synanyşdy.

ÝPG/PKK ýakyn hasaplar tarapyndan, operasiýa mahalynda alynan ýaly edip sosial mediada paýlaşylan, bombalamadan halas bolan çagany gujaklaýan gözi ýaşly adamyň suratynyň, Asada tabynlykdaky güýçleriň Halap şäherini bombalan ýyly bolan 2014-nji ýylda alynandygy ýüze çykdy.

Şolar ýaly ýagdaýda sosial mediany tankyt etmek üçin biri-birinden tapawutly ýollara ýüz tutan ÝPG/PKK-nyň ýaranlary, bir kakanyň ölen çagasyny elinde saklaýarka aglaýan wideosyny paýlaşdy. Bu wideonyň bolsa 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Siriýanyň Idlib şäherinde düşürilendigi mälim boldy.

Ýene-de bir suratda bolsa harabalyklaryň arasynda aglaýan kiçijek gyzy görüp bolýar. Ol suraty hem ÝPG/PKK-nyň tarapdarlary Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda alynan ýaly edip görkezdiler. Bu surat bolsa 2016-njy ýylda Palestinada alynandygy anyklandy.



Degişli Habarlar