Siriýanyň Tel Abýad sebitinde bir esger şehit boldy

Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky Tel Abýad sebitinde geçirilýän gözegçilik işleri mahalynda PKK/ÝPG-ly terrorçylar tarapyndan açylan oduň netijesinde 1 esger şehit boldy, 1 esger ýaralandy

1291028
Siriýanyň Tel Abýad sebitinde bir esger şehit boldy
teroristlerin guvenli bolgeden cikisi.jpg

 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, hüjüme garşy özüňi goramak hukugynyň çäginde garşylyk görkezilendigi we od açylandygy bellenip: “ABŞ bilen 2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda gazanylan Howpsyz zolak ylalaşygyna garamazdan PKK/ÝPG-ly terrorçylar tarapyndan 20 aýry gezek od açyldy. Ylalaşygyň düzgünleri bozuldy.  Ylalaşyga ters gelýän bu aksiýalara garamazdan düýn aglabasy tiz kömek ulaglaryndan ybarat 39 ulaglyk ulag kerweniniň Resulaýna howpsyz ýagdaýda girmegi we çykmagy üpjün edildi, ýaralanan we käbir beýleki adamlaryň sebitden howpsyz ýagdaýda çykmagy üpjün edildi” diýip habar berildi.

Beýanatda: “Bizi çuňňur gynandyran bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we eziz milletimize gynanç we sabyr, ýaralanan gahryman esgerlerimiziň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris” diýip mälim edildi.

Ministrlik tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde, PKK/ÝPG terrorçylarynyň 120 sagadyň içinde sebitden çykmagyna ýakyndan gözegçilik edýär” diýip aýan edildi.

Beýanatda mesele bilen bagly ABŞ-nyň harby resmileri bilen ýakyndan koordinasiýanyň dowam edýändigi habar berildi.


Etiketkalar: #Siriýa , #ABŞ , #hüjüm , #Tel Abýad

Degişli Habarlar