Kalyn bilen Lawrentýew Siriýa meselesini maslahatlaşdy

Berilen beýanata görä Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Russiýa Federasiýasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentýewi we ýanyndaky wekiliýeti Prezident Kompleksinde kabul etdi

1289934
Kalyn bilen Lawrentýew Siriýa meselesini maslahatlaşdy

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Russiýa Federasiýasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentýew, terror guramalarynyň Siriýanyň territorial bütewiligi üçin emele getirjek howpyň öňüniň alynmagy babatynda ylalaşyk gazandylar. 

Berilen beýanata görä Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Russiýa Federasiýasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentýewi we ýanyndaky wekiliýeti Prezident Kompleksinde kabul etdi. 

Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalaryň ara alynyp maslahatlaşylan maslahatda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy, Idlib we Manbij ýaly strategik meseleler maslahatlaşyldy. 

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň Türkiýäniň milli howpsyzlyk aladalaryny ortadan aýyrmak we siriýaly bosgunlaryň howpsyz ýagdaýda yzlaryna gaýdyp barmaklaryny üpjün etmek maksady bilen geçirilýändigi bellenen maslahatda, PÝD/PKK/ÝPG we DAIŞ bilen birlikde ähli terror guramalarynyň Siriýanyň territorial bütewiligi üçin döredýän howpsyzlygynyň öňüniň alynmagy we bu babatda Türkiýe-Russiýa arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etmegi babatynda ylalaşyk gazanyldy. 

 



Degişli Habarlar