Erdoganyň Pakistan sapary yza süýşürildi

Hepdelik metbugat ýygnagynda çykyş eden Faýsal, Erdoganyň 23-24-nji oktýabr aralygynda guramagy meýillleşdiren Pakistan sapary bilen bagly beýanat berdi

1289893
Erdoganyň Pakistan sapary yza süýşürildi

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Muhammed Faýsal, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň 23-24-nji oktýabr aralygynda guramagy meýilleşdiren Pakistan saparynyň yza süýşürilendigini habar berdi. 

Hepdelik metbugat ýygnagynda çykyş eden Faýsal, Erdoganyň 23-24-nji oktýabr aralygynda guramagy meýillleşdiren Pakistan sapary bilen bagly beýanat berdi. 

Prezident Arif Alwiniň we Premýer ministri Imran Hanyň Erdogany ilkinji gezek Pakistanda myhman etjekdiklerini ýatladan Faýsal: "Erdoganyň Pakistana gurajak sapary häzirlikçe yza süýşürildi. Yza süýşürilen saparyň haçan geçiriljekdigi ýaňadandan meýilleşdiriler" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylaryň ýerlerine garşy alyp barýan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň hem üstünde durup geçen Faýsal: "Türkiýe terrordan iň köp zyýan gören ýurt hökmünde, başyndan geçirýän sebitleýin aladalaryna düşünmegimiz gerek. Premýer ministr Imran Han Erdogana jaň edip, Pakistanyň bu babatdaky goldawyny ýetirdi. Pakistan Siriýanyň territorial bütewiligini we iň gysga wagtda syýasy çözgüdiň üpjün edilmegi bilen bagly goldawyny dowam etdirer" diýip habar berdi. 

 


Etiketkalar: #Pakistan , #Erdogan

Degişli Habarlar