Syýasy partiýalaryň liderlerine “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berilýär
Akar sebitdäki terrorçylara garşy NATO we ABŞ bilen işleşýändiklerini nygtady
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda dowam edýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda sebitde terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň bolýan ýeke-täk tussaghanasynyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan boşadylandygyny aýtdy.
Hulusi Akar syýasy partiýalaryň liderleri bilen duşuşyp, Türkiýäniň Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky terrorçylara garşy başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda maglumat berýär
Ministr Akar ilki IÝI partiýanyň başlygy Meral Akşener bilen duşuşdy
Akar duşuşykdan soň beren beýannamasynda, sebitdäki terrorçylara garşy NATO we ABŞ bilen işleşýändiklerini nygtady
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, operasiýada asuda ilatyň goralmagy üçin ünsli çemeleşýändiklerini aýratyn belledi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Afrika diplomatiýasy Günbataryň gün tertibinde
Analizde Afriakda täsirli bolan iň uly güýjiň Türkiyedigi beýan edildi