“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde 480 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Operasiýanyň çäginde Rasulaýn etraby düýn gözegçilik astyna alnypdy
Milli Goranmak ministrligi “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde häzire çenli terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-li jemi 480 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Milli Goranmak ministrliginiň beýannamasynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy düýn gije gury we howa güýçleriniň hem-de uçarmansyz howa ulaglarynyň goldaw bermeginde üstünlikli ýagdaýda dowam etdi we täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 480-e ýetdi” diýildi.
Türk ýaragly güýçleri 9-njy oktýabrda Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-ä garşy “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başladypdy
Operasiýanyň çäginde Rasulaýn etraby düýn gözegçilik astyna alnypdy
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.