Dowla düşen terror guramasy asuda ilata garşy hüjümler guraýar

Hüjümler sebäpli Mardin we Şanlyurfa welaýatlarynda asuda ilatdan 11 adam şehit boldy, 37 adam ýaralandy

1286728
Dowla düşen terror guramasy asuda ilata garşy hüjümler guraýar

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy sebäpli dowla düşen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK Siriýadan asuda ilata garşy raketalar bilen hüjümler guraýar

Terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralan hüjümler sebäpli Mardin we Şanlyurfa welaýatlarynda asuda ilatdan 11 adam şehit boldy, 37 adam ýaralandy

Şehitleriň arasynda Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Kurdi kanalynyň işgärlerinden Gülaý Demiriň kakasy Mehmet Şirin Demir hem bar

TRT Demir üçin gynanç bildirdi

Hüjümde ýaralanan 35 adam Nuseýbin döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy

 



Degişli Habarlar