"Terrora garşy göreşde egilşik edilmez"

Prezident Erdogan terrora garşy göreşde egilşik edilmejekdigini aýtdy

1286671
"Terrora garşy göreşde egilşik edilmez"

 

Prezident R.T. Erdogan Stambul şäherinde geçirlen Parlament başlyklarynyň Terrora garşy göreş temaly 3-nji konferensiýasyna gatnaşdy

Siriýada we Yrakda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan terror guramalaryna garşy geçirilýän operasiýalaryň asla şol ýurtlaryň territorial bitewiligini we özbaşdaklygyny bozmagy maksat edinmeýändigini aýdan Prezident Erdogan, 3 günden bäri Siriýada dowam edýän “Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň, Türkiýedäki siriýaly bosgunlaryň howpsyz ýagdaýda öýlerine dolanmaklary üçin amatly şert döretjekdigini nygtady

Prezident Erdogan “Biz kürt doganlarymyza däl eýsem ekstremist terror guramasy PKK we PÝD/ÝPG-ä garşy göreşýäris” diýdi.

Terrora garşy göreşde ygrarlydyklaryny aýdan Erdogan “Kim näme diýse diýsin biz egilşik etmeris” diýip belledi.

“Başdan geçirýän kynçylyklarymyz ýerleşýän geografiýamyzyň ykbaly däl. Biz bu agyr günleriň hötdesinden gelip bileris” diýen Prezident Erdogan, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýanynyň Siriýany bölmek üçin däli eýsem şol ýurtda ýaşaýan her bir adamyň hukugyny goramak maksady bilen guralýandygyny ýene-de birgezek nygtady



Degişli Habarlar