Wise-prezident Fuat Oktaý, “Türkiýe hemlelere boýun egmez”diýdi

"Türkiýe serhetlerinde terror koridorynyň we terror döwletiniň gurulmagyna asla rugsat bermez"

1283884
Wise-prezident Fuat Oktaý, “Türkiýe hemlelere boýun egmez”diýdi

 

Fuat Oktaý, Ankarada Gazi uniwersitetiniň 2019-2020-njy täze okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Fuat Oktaý dabarada eden çykyşynda Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy guraljak operasiýa hakynda maglumat berdi.

Ýefrat galkany operasiýasy netijesinde Afriniň terrordan saplanmagyndan soň 370 müň bosgunyň Türkiýeden meýletin ýagdaýda öýlerine dolanandygyny aýdan Oktaý “ Indi nobat Ýefradyň gündogarynda howpsyz zolagyň döredilmegine geldi. Türkiýe hem günorta serhetlerini terrordan saplar hem-de Türkiýedäki siriýaly bosgunlaryň meýletin ýagdaýda öýlerine dolanmaklary üçin amatly şert döreder” diýdi.

Halkara jemgyýetçiligine hem ýüzlenen Oktaý “Türkiýe abaý syýasatlara, hemlelere boýun egmez. Prezidentimiziň  hem hemişe nygtaýşy ýaly Türkiýe howpsyzlygy meselesinde asla egilşik etmez. Serhetlerinde terror koridorynyň we terror döwletiniň gurulmagyna asla rugsat bermez”diýdi.

 



Degişli Habarlar