“Ýawuz” gämisi şu gün ýa-da ertir burawlaýyş işlerine başlar

Akdeniz uniwersitediniň Döwletler hukugy bölüminiň başlygy Dr. Emete Gözügüzelli, mesele bilen bagly beýanat berdi

1283213
“Ýawuz” gämisi şu gün ýa-da ertir burawlaýyş işlerine başlar

Akdeniz uniwersitediniň Döwletler hukugy bölüminiň başlygy Dr. Emete Gözügüzelli, Ýawuz burawlaýyş gämisiniň Güelýurt-1 atly täze buraw guýusynyň Türkiýäniň gündogar Ortaýer deňizindäki hukuklaryndan ýüz öwürmeýän pozisiýasynyň dowamy taýdan möhümdigini belledi.

Emete Gözügüzelli, Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, Ýawuz gämisiniň iş alyp barjak nokadynyň, ozallar Kipriň Grek bölegi tarapyndan birtaraplaýyn häsýetde Ýörite Ykdysady zolak diýip yglan edilendigini, geçen aý bolsa Italiýan Eni we Fransuz Total kärhanalarynyň burawlaýyş işlerini geçirmek üçin açan 7-nji blokda ýerleşýändigini habar berdi.

Ady agzalan blogyň demirgazyk-günbatar böleginiň, Türkiýäniň BMG-e habardar eden kontinental şelfiniň we özygtyýarlyk zolagynyň içinde ýerleşýändigini aýdan Gözügüzelli, saýlanan nokadyň saýasynda Ýawuz gämisiniň hem burawlaýyş işlerini geçirjekdigini hem-de özüne ýoldaşlyk edýän harby elementler bilen bilelikde, Türkiýäniň deňiz giňişligine guralmagy ähtimal hüjümleriň öňüni aljakdygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Antalýada geçirilen 10-njy Türkiýe Energetika maslahatynda eden çykyşynda: “Ýawuz, Güzelýurt-1 nokadyna ýetdi, şu gün ýa-da ertir burawlaýyş işlerine başlar” diýip aýan etdi.



Degişli Habarlar