Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraljak operasiýa üçin ähli taýarlyklar tamamlandy

"Türk ýaragly güýçleri Türkiýe serhedinde terror koridorynyň döredilmegine asla rugsat bermez"

1283607
Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraljak operasiýa üçin ähli taýarlyklar tamamlandy
tsk asker.jpg

Türkiýäniň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraljak operasiýa üçin ähli taýarlyklaryny tamamlandygy nygtaldy

Milli goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Sebitimiziň durnuklylygyna we asudalygyna uly goşant goşmagy we siriýalylaryň howpsyz ýagdaýda ýaşamagy üçin howpsyz zolak/parahatçylyk koridory döredilmeli”diýildi

Beýannamada, Türk ýaragly güýçleriniň Türkiýe serhedinde terror koridorynyň döredilmegine asla rugsat bermejekdigi nygtalyp, operasiýa üçin ähli taýarlyklaryň tamamlanandygy bellenildi.

Milli Goranmak ministrliginiň başga bir beýannamasynda bolsa “Türk ýaragly güýçlerimiz watanymyzyň jebisligine, döwletimiziň geljegine, 82 million raýatymyzyň asudalygyna howp salýan ähli terror guramalaryna garşy halkymyzyň söýgüsinden, ynamyndan we dogasyndan alýan güýji bilen terror guramasyna garşy göreşmäge taýar” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar