Mewlüt Çawuşogly Siriýa meselesiniň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Siriýanyň demirgazygyny terrorçylardan saplamakda tutanýerlidiklerini belledi

1282957
Mewlüt Çawuşogly Siriýa meselesiniň üstünde durup geçdi

Çawuşogly, özüniň Twitter hasabynyň üsti bilen Siriýa meselesi bilen bagly beýanat berdi.

Türkiýäniň Siriýanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny aýdan Çawuşogly: “Sebiti terrorçylardan saplap, ýurdumyzyň dowamatyny we howpsyzlygyny üpjün etmekde tutanýerlidiris” diýip habar berdi.

Ministr Çawuşogly: “Siriýadaky krizisiň başyndan bäri bu ýurdyň territorial bütewiligini goldadyk, mundan soň hem goldamaga dowam ederis. Sebiti terrorçylardan saplap, ýurdumyzyň dowamatyny we howpsyzlygyny üpjün etmekde tutanýerlidiris. Siriýa asudalygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň gelmegi üçin goşant goşarys” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar