" ABŞ-nyň esgerleri Siriýanyň demirgazygyndan çekilmäge başlady"
Prezident Erdogan Serbiýa gurajak saparynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi
Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň esgerleriniň Siriýanyň demirgazygyndan çekilmäge başlandygyny aýtdy.
Prezident Erdogan Serbiýa gurajak saparynyň öňüsyrasynda Ankaranyň Esenboga howa menzilinde metbugata beýannama berdi.
Düýn agşam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Erdogan, “ Düýn agşam jenap Trampyň hem beýan edişi ýaly ABŞ-nyň esgerleri yza çekilmäge başlady” diýdi.
Gepleşikleriň dowam etjekdigini nygtan Erdogan, “Biz garaşylmadyk ýagdaýda geleris diýipdik. Bu meselede egilşik etmeris. Terror guramalarynyň howplaryny kabul etmeris” diýdi.
Prezident Erdogan “Noýabr aýynyň birinji ýarymynda Waşingtona sapar gurap bilerin. Saparyň çäginde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitdäki soňky wakalary ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.
Tramp bilen boljak duşuşygynda F-35 harby uçarlary meselesini hem gün tertibine getirjekdigini aýdan Erdogan “Bu meselede anyk kararyň kabul edilmegini isleýäris. Biz tölegini töleýäris we häzire çenli 1,4 milliard dollar töledik. F-35meselesini ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.
Prezident Erdogan beýannamasyndan soň Türkiýe-Serbiýa ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatyna gatnaşmak üçin Serbiýa gitdi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.