Mewlüt Çawuşogly ýewropaly resmiler bilen bosgun meselesini maslahatlaşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýewropa Bileleşiginiň bosgun meselesinde Türkiýe bilen has ysnyşykly ýagdaýda hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini görýändiklerini, emma berilen sözleriň hem ýerine ýetirilmelidigini nygtady

1281928
Mewlüt Çawuşogly ýewropaly resmiler bilen bosgun meselesini maslahatlaşdy

Mewlüt Çawuşogly, ÝB-niň Migrasiýa, Içeri işler we Raýatlykdan jogapkär agzasy Awrampulos, Germaniýanyň Içeri işler ministri Horst Zeehofer we Parižde guralan hüjümler sebäpli Ankara saparyny goý bolsun eden Fransiýanyň Içeri işler ministri Kristof Kastanere wekilçilik eden Fransiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Çarles Fries bilen bosgun meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi müdürliginde ertirlik naharynda duşuşyk geçirdi.

Çawuşogly duşuşykdan soň beren beýanatynda, hem bosgun meselesini hem-de Türkiýe-ÝB gatnaşyklaryny maslahatlaşmaga mümkinçilikleriniň bolandygyny habar berdi.

Çawuşogly: “Türkiýäniň tagallalary dowam edýän mahaly, ÝB-den garaşýanlarymyzy belläp geçdik. Soňky wagtlarda Gresiýanyň adalaryna geçişlerde az hem bolsa artyş bolanyndan soň Türkiýä garşy esaslanmadyk günäkärlemeler boldy. Emmanuel Makronyň Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisinde çykyş edýärkä, has takygy soraglaryň birine jogap berýärkä Türkiýäni günäkärlemesi kabul etjegimiz bir ýagdaý däl. Bular ýaly günäkärlemeleriň ýerine meseläni nädip çözüp biljekdigimizi maslahatlaşmagymyz has dogry bir hereket bolar” diýip belledi.



Degişli Habarlar