Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda möhüm duşuşyklar geçirdi

Prezident Erdogan saparynyň çäginde 6 ýurduň döwlet baştutany we 10 ýurduň premýer ministri bilen duşuşdy

1276896
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda möhüm duşuşyklar geçirdi

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde giden Prezident R. T. Erdogan saparynyň çäginde 6 ýurduň döwlet baştutany we 10 ýurduň premýer ministri bilen duşuşdy

Saparynyň birinji gününde Amerikaly senatör Lindseý Grahamy kabul eden Erdogan, Gündogar-Günbatar instituty tarapyndan geçirlen tegelek stoluň başyndaky maslahata gatnaşdy.

Amerikaly musulmanlaryň wekilleri bilen duşuşan Prezident Erdogan, Türk-Amerikan komiteti tarapyndan geçirlen çärä gatnaşdy.

Erdogan saparynyň ikinji gününde siýonizme garşy ýehudi bileleşiniň agzalaryny kabul etdi, TÜRKEN gaznasynyň adaty iş naharyna gatnaşdy

ABŞ-daky ýehudi guramalaryň wekilleri bilen Nýu-Ýork şäheriniň golaýynda ýaşaýan Musewi raýatlary kabul eden Prezident Erdogan, Belgiýanyň Premýer ministri Çarles Mişel we Bosniýa-Gersogowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Zelžko Komsiş bilen duşuşdy

Prezident Erdogan şol gün BMG-nyň Klimat maslahatyna gatnaşdy, Pakistanyň Premýer ministri İmran Han bilen Germaniýanyň Federal Kansleri kabul etdi.

Maslahatyň üçünjü gününde BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşan we çykyş eden Prezident Erdogan, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani we Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen duşuşdy

Erdogan Medeniýetlerin arkalaşygy bilen Türk Howa Ýollarynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy, Somaliniň Prezidenti Muhammed Abdullah Farmažo bilen duşuşdy we Parlamentara bileleşigiň başlygy Barrony kabul etdi.

Italiýanyň Premýer ministri Konte bilen duşuşan Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Tramp tarapyndan sessiýa gatnaşýan liderleriň hormatyna berlen nahara gatnaşdy

Sessiýanyň soňky gününde Türkiýe bilen Pakistanyň ýolbaşçylygynda geçirlen “Kemsidiji diskurs” temaly ýokary derejeli çärede çykyş eden Prezident Erdogan, liderler bilen duşuşdy

Horwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabat Kitarowiç, Yragyň Prezidenti Berham Salih, Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, Liwiýanyň lideri Faýez Sarraž, Sudanyň Premýer ministri Abdallah Hamdok, Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Miçytakis we Çeh Respublikasynyň Premýer ministri Andreý Babiş bilen duşuşan Prezident Erdogan, Türkiýe-Pakistan-Malaýziýa üçtaraplaýyn maslahata gatnaşdy.

Erdogan, Türk-Amerikan Iş geňeşi tarapyndan geçirlen 10-njy Türkiýe Maýa goýum konferensiýasyna gatnaşdy

 



Degişli Habarlar