Hakkaride bir esger şehit boldy
Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylar tarapyndan ozaldan ýerleşdirilen elde ýasalan bombanyň partlamagy netijesinde 1 esger şehit boldy
1265732
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Çukurja etrabynda elde ýasalan partlaýjy maddanyň partlamagy netijesinde agyr ýaralanyp, hassahana gönükdirilen esgeriň, edilen ähli tagallalara garamazdan hala edilip bilinmändigi we şehit bolandygy mälim edildi.
Sebitde operasiýalaryň dowam edýändigi aýdylýan beýanatda: “Bizi çuňňur gynandyran bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we eziz milletimize gynanç we sabyr dileýäris” diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan Palestina Temaly Maslahata Gatnaşdy
Palestina Döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin tagalla edilmeli