Terror guramasy PKK gynamalara we ölüm jezalaryna başlady

Bu maglumat boýun egen terrorçy tarapyndan berildi

1264091
Terror guramasy PKK gynamalara we ölüm jezalaryna başlady

Wan welaýatynyň Çatak etarabynda howpsyzlyk güýçlerine boýun egen ekstremist terror guramasy PKK-nyň terrorçysy guramanyň düzüminde gynamalaryň we ölüm jezalarynyň başlandygyny beýan etdi.

Gubernatorlykdan berilen beýannamada terrorçy bilen geçirilen ilkinji söhbetdeşlikde soňky wagtlarda terror guramasy PKK/KJK-a garşy geçirilen üstünlikli operasiýalaryň netijesinde ýolbaşçy kadrlar diýilýänleriň başda durmagynda agyr ýitgi çekýän guramanyň, çekýän ýitgisiniň jerimesini özlerine çekdirýändigini aýdandygy nygtalýar.

Beýannamada boýun egen terrorçy, terror guramasy PKK/KJK-niň guramada gynamalara we ölüm jezalaryny bermäge başlandygyny, öldürilen terrorçylar bilen şol bir ykbala eýe bolmakdan gorkan terrorçylaryň guramadan gaçyp, howpsyzlyk güýçlerine sygynmaga başlandygyny gürrüň berendigine üns çekilýär.

18 ýaşyna ýetmedik çagalaryň dürli wadalar bilen aldadylyp, guramanyň hataryna goşulýandygyny, soň neşe çekmäge edindik etidirilýändigini, jynsy taýdan biynjalyk edilýändillerini, soň bolsa aksiýalarda öňe sürülip, ölüme sezewar edilýändigini aýtdy.

Terrorçy boýun egenden soň döwletden garaşmaýan çemeleşmesini görndigini, howpsyzlyk güýçleriniň özüne ähli goldawy berendigini, döwletiň merhemetlidigi bilinen halatynda guramadan hiç kimiň galmajakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar