Prezidentiň kompleksinde 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabara geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 30-njy awgust Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli “Serkerdebaşy” hökmünde Prezidentiň kompleksinde resmi kabul edişlik dabarasyny geçirdi

1261369
Prezidentiň kompleksinde 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabara geçirildi
erdogan-bahceli.jpg
erdogan.jpg
erdogan.jpg

Prezidentiň kompleksiniň Howuzly bakja diýip hem atlandyrylýan bölüminde geçirilen resmi kabul edişlige Prezident Erdogan, aýaly Emine Erdogan bilen geldi.

Resmi kabul edişlikde, Prezident Diwany tarapyndan 30-njy awgust Ýeňiş gününe we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gününe bagyşlanyp taýarlanan ýörite gysgametražly film görekzildi.

Filmde “Biz bu ruhy tanaýarys” şygary bilen Malazgirt ýeňişinden Milli Azat edijilik söweşine we 15-nji iýula çenli wepat bolan ähli şehitler hatyralandy.

Millet metjidiniň ymamy Adem Kemanejiniň Gurhandan aýat-töwirler okanyndan soň, Rejep Taýýip Erdogan çykyş etdi. 

Çykyşyndan soň Prezident Erdogan we aýaly Emine Erdogan resmi kabul edişligiň geçirilýän ýerine gezelenç edip gelen myhmanlar bilen salamlaşdy.

Prezident Erdogan we aýaly Emine Erdogan, TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Milletçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli, Iýi partiýanyň başlygy Meral Akşener, Watan partiýasynyň başlygy Dogu Perinçek, ýurdyň ozalky Premýer ministrlerinden Tansu Çiller we ýoldaşy Özer Çiller we şehit bolan adamlaryň dogan-garyndaşlary bilen söhbetdeş boldylar, ýadygärlik surata düşdiler.

Erdogan resmi kabul edişligiň geçirilýän ýerinden gaýtmadan ozal Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy Ýaşar Güler we Guryýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar bilen gürrüňdeş boldy.

Rejep Taýýip Erdogan milli türgenler bilen ýadygärlik surata düşdi.

Resmi kabul edişlige Wise-prezident Fuat Oktaý, Beýik Birlik partiýasynyň başlygy Mustafa Destiji, Saadet partiýasynyň başlygy Temel Karamollaogly, TBMM-nyň ozalky başlygy Köksal Toptan, ozalky Premýer ministrlerden Ýyldyrym Akbulut, Tansu Çiller, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzalary, deputatlar, ýokary kazyýet organlarynyň başlyklary, Prezidentiň Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Prezidentiň Medeniýet we sungat syýasatlary geňeşiniň agzasy we aktrisa Hülýa Koçýigit, býurokratlar we köp sanda myhman gatnaşdy.

Şehit bolan adamlaryň dogan-garyndaşlary we weteranlaryň hem gatnaşan resmi kabul edişlikde, metbugat organlarynyň wekilleri, ýazyjylar, käbir ýurtlaryň Türkiýedäki ilçileri, akademikler we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.



Degişli Habarlar