Akar: “ÝPG-nyň yza çekilendigi barada maglumat bar” diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-nyň, gözegçiligi astynda bolan sebitlerde käbir ýerlerden çekilendigi baradaky subutnamalary özleriniň görmek isleýändiklerini habar berdi

1261217
Akar: “ÝPG-nyň yza çekilendigi barada maglumat bar” diýdi

30-njy awgust Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we beýleki serkerdeler bilen bilelikde döwlet gonamçylygyna zyýarat edip, gül desselerini goýdy.

Hulusi Akar, beren beýanatynda ABŞ bilen Howpsyz zolak ylalaşygy bilen baglanşykly: “Hiç bir ýagdaýda giýjä galynmaga çydam edip bilmeris” diýip belledi.

Ministr Akar: “ÝPG-nyň, terrorçylaryň yza çekilendigi we käbir liniýalaryny ýumurandygy barada maglumat bar, tassyklanmagy gerek. Ählisini özümiz görmek isleýäris” diýdi.

Akar, Howpsyz zolak bilen terror koridorynyň ortadan aýrylmagy bilen bagly işleriniň dowam edýändigini belläp: “Düýn takmynan 1,5-2 sagat aralyk bilen 4 dikuçar, 2 türk, 2 amerikan dikuçary howadan gözegçilik işlerini geçirdi” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar