30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 97-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherindäki dabaralaryň ilkinji salgysy Anytkabir boldy

1261140
30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 97-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, hökümetiň agzalary bilen bilelikde beýik serkerde Atatürkiň aramgähine bardy.

Prezident Erdogan, ol ýerde Anytkabiriň ýörite depderine gol çekdi.

Erdogan: “Milli barlygymyzy nyşana alan howplara garşy hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda alyp barýan argynsyz göreşimiz bu tutanýerliligimiziň subutnamasydyr” diýip belledi.

Erdogan hatynda: “Eziz Atatürk, şu gün beýik ýeňişiň 97-nji ýylyna ýetmegiň buýsanjyny başymyzdan geçirýäris. Taryhymyzyň altyn halkalaryndan biri bolan beýik ýeňişiň gazanylmagyna goşant goşan başda siziň Alyhezretiňiz bolmak bilen ähli serkerdelerimizi, ofiserlerimizi, esgerlerimizi, milletimiziň ähli agzalaryny hatyralaýarys. Eziz şehitlerimiziň pidäkerlikleri bilen beýgelen we bize amanat edilen Respublikamyzy janymyz-tenimiz bilen goramakda tutanýerlidiris. Milli barlygymyzy nyşana alan howplara garşy hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda alyp barýan argynsyz göreşimiz bu tutanýerliligimiziň subutnamasydyr. Türkiýäniň 2023-nji ýyl maskatnamalaryna ýetmäge hiç bir güýç päsgel berip bilmez. Ýatan ýerleri ýagty bolsun” diýip belledi.


Etiketkalar: #Anytkabir , #Erdogan

Degişli Habarlar