30-njy awgust Ýeňiş baýramy dabara bilen bellenilip geçilýär

30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli liderler gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

1261015
30-njy awgust Ýeňiş baýramy dabara bilen bellenilip geçilýär

Beýik Ýeňişiň 97-nji ýylynda başda Gazy Mustafa Kemal Atatürk bolmak bilen Milli Azat edijilik söweşiniň ähli gahrymanlary hormat bilen hatyralanýar.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, iberen gutlag ýüzlenmesinde: “Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň hut özüniň ýolbaşçylyk eden Baş serkerdelik meýdan söweşinde, milletimiz we goşunymyz, mümkin bolmaýan diýilýäniň hötdesinden gelip, beýleki milletlere nusga boljak bir ýeňiş gazandy” diýip belledi.

Mustafa Şentop, türk milletiniň 1071-nji ýyldan bäri päk, mukaddes we eziz hasaplanýan dawanyň baýdak göterijisidigini we arkasynda gahrymançylyklar bilen dolan şöhratly bir taryh goýandygyny nygtady.

Adalat ministri Abdülhamit Gül hem öz gutlag ýüzlenmesinde: “Milletimiz özygtyýarlylygyna we gelejegine howp abandyrjak islendik hyýanata, islendik herekete ýol we geçit bermejekdigini 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda görkezdi” diýip belledi.

Adalat ministri Abdülhamit Gül: “Şu gün biziň wezipämiz eýýäm müň ýyldan bäri dowam edýän birlik, jebislik we doganlyk ruhunyň astynda Respublikamyzy beýgletmek, has hem güýçlendirmekdir” diýip aýan etdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem öz gutlag ýüzlenmesinde, terrora guramalaryna garşy göreşe ünsleri çekip: “Gahryman türk goşuny, iň kyn döwürlerde nähili derejede öz watanyny we milletini goramak tutanýerligini görkezen bolsa, şu gün hem şol tutanýerliligini we erjelligini görkezmäge dowam edýär” diýip nygtady.



Degişli Habarlar