Asada tabynlykdaky güýçleri TÝG-nyň gözegçilik nokadynyň golaýyna od açdy

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçler, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli 8-nji gözegçilik nokadynyň golaýyna od açdy

1256745
Asada tabynlykdaky güýçleri TÝG-nyň gözegçilik nokadynyň golaýyna od açdy

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar, Idlibiň günortasyndaky Maaretinuman etrabynda ýerleşýän 8-nji gözegçilik nokadynyň golaýyna agyr ok-däriler bilen od açdy.

Hadysanyň netijesinde hiç hili ýitgi çekilmedi.

Sirman sebitindäki 8-nji gözegçilik nokady, Asada tabynlykdaky güýçleriň düýn gabaw astyna alan Han Şeýhun etrabynyň demirgazygynda ýerleşýär.

Asada tabynlykdaky güýçler, Russiýanyň we Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçy toparlaryň goldawy bilen soňky 10 gün bäri Idlibiň günortasyna hüjüm guraýar.

Ady geçen sebitden 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda gol çekişilen Idlib ylalaşygyndan bäri asuda ilatdan 1 million golaý adam Siriýa-Türkiýe serhet liniýasyna göçdi.

Ýerli çeşmeler, hüjümleriň Maaretinuman we Serakib etraplaryna ýaýran halatynda ýerlerinden göçen adamlaryň sanynyň 1,5 milliona ýetip biljekdigini belleýärler.

Asada tabynlykdaky güýçler, 19-njy awgustda 8-nji gözegçilik nokadynyň günortasyndaky Morikde ýerleşýän 9-njy gözegçilik nokadyna goşmaça güýç gönükdirilýän mahaly Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ulag kerwenine howa hüjümini gurapdy. Hadysada asuda ilatdan 3 adam ýogalypdy, 12 adam bolsa ýaralanypdy.



Degişli Habarlar