"Siriýa serhedinde parahatçylyk koridorynyň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy"

Prezident Erdogan Zelenskiý bilen metbugata beýanat berdi

1249781
"Siriýa serhedinde parahatçylyk koridorynyň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy"

Prezident R. T. Erdogan Siriýa serhedinde parahatçylyk koridorynyň açylmagy üçin ABŞ bilen operasiýa merkeziniň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Prezidentiň kompleksinde resmi sapar bilen Ankara gelen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskini kabul eden Prezident Erdogan özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Beýanatynda Siriýa serhedinde parahatçylyk koridorynyň açylmagy meselesinde durup geçen Prezident Erdogan, “Amerikalylar bilen birlikde operasiýa merkeziniň gurulmagyna karar berildi. Esasy zat Ýefrat derýasynyň gündogarynda şeýle başlangyjyň edilmegi” diýdi.

 



Degişli Habarlar