Hulusi Akar amerikan wekiliýeti bilen geçirilýän gepleşikler barada beýanat berdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiýäniň we ABŞ-nyň harby wekiliýetleriniň arasynda ministrlikde geçirilýän gepleşikleriň oňyndygyny we konstruktiw bir pozisiýa içindedigini belledi

1249430
Hulusi Akar amerikan wekiliýeti bilen geçirilýän gepleşikler barada beýanat berdi

Hulusi Akar, Ilçileriň konferensiýasynyň geçirilýän myhmanhanasynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Žurnalistleriň biriniň ABŞ wekiliýeti bilen Goranmak ministrliginde geçýän gepleşikler bilen bagly soraga Akar: “5-nji awgustda harby wekiliýetleriň arasynda gepleşikler başlady, häzirki wagtda hem dowam edýär. Bu gepleşiklerde ähli garaýyşlarymyzy we talaplarymyzy kärdeşlerimiz öz söhbetdeşlerine ýetirdiler. Şol çäkde biziň terror guramalary DAIŞ-e we ÝPG-e garşy göreşýändigimizi we şol göreşiň dowam edýändigini, mundan başgada ABŞ bilen bilelikde Siriýa serhedinde howpsyz zolagy döretmegi isleýändigimizi, ininiň 30-40 km bolmalydygyny, bu sebitiň içindäki ÝPG-lileriň ählisiniň ol ýerden çykarylmalydygyny, mundan başgada ÝPG-niň elindäki agyr ýaraglaryň ýygnalmalydygyny, ondan daşary bolsa terrorçylar tarapyndan gazylýan tunelleriň, garymlaryň we söweşjeň liniýalaryň aýrylmalydygyny we bularyň türk we amerikan harbylarynyň bilelikde etmegi baradaky talaplarymyzy, isleglerimizi açyk we anyk ýagdaýda stola goýdyk. Bu ýerde ABŞ-ly dostlarymyzdan hyzmatdaşlyk ruhuna, strategik partnýorlyk ruhuna laýyklykda hereket etmegine garaşýarys. Başda ýarag, ok-däri bolmak bilen ÝPG-lilere berýän goldawlaryny bes etmeklerine garaşýarys” diýip belledi.

Hulusi Akar Türkiýäniň günortasynda bir terror koridoryna rugsat bermejekdiklerini nygtap: “Maslahatda söhbetdeşlerimiziň garaýyşlarymyza golaýlaşandyklaryna uly hoşallyk bilen şaýat boldyk. Maslahaty jemlän mahalymyz oňyn geçendigini, örän konstruktiw pozisiýa içinde bolandygyny aýtsak ýalňyş bolmaz” diýip aýan etdi.



Degişli Habarlar