Türkiýe Ysraýylyň eden-etdiligini ýazgardy

Türkiýe Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimdäki eden-etdiliginiň Iýerusalimiň demografik gurluşyny üýtgetmek üçin edýändigini belläp, bular ýaly aksiýalary berk ýagdaýda ýazgarýandygyny nygtady

1241055
Türkiýe Ysraýylyň eden-etdiligini ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň Gündogar Iýerusalimde palestinalylara degişli käbir öýleri ýumurmagy bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Daşary işler ministrligi beýanatynda: "Ysraýylyň gabaw astyndaky Gündogar Iýerusalimde palestinalylara degişli käbir öýleri ýumurmagy Ysraýylyň basyp alyjy we gazaply syýasatynyň täze bir mysalydyr. Iýerusalimiň demografik gurluşyny üýtgetmek üçin edilýän bular ýaly aksiýalary berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip aýan edildi. 

Beýanatda: "Halkara jemgyýet Iýerusalimiň taryhy we hukuk statusyna eýe çykmaga we Palestinanyň halkynyň hukuklarynyň goralmagy üçin gerek bolan çäreleri görmäge çagyrýarys" diýip habar berildi. 

 



Degişli Habarlar