"Türkiýe sebitiň durnuklylygyny we milli howpsyzlygyny goramak üçin S-400 ulgamlaryny aldy"

Prezident Erdogan Stambuldaky Wahdettin köşgünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ylmy işgärler bilen duşuşdy

1235772
"Türkiýe sebitiň durnuklylygyny we milli howpsyzlygyny goramak üçin S-400 ulgamlaryny aldy"
erdogan istanbul gazeteciler1.jpg

 

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň sebitiň durnuklylygyny we milli howpsyzlygyny goramak maksady bilen Russiýadan S-400 ulgamlaryny alandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Stambuldaky Wahdettin köşgünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ylmy işgärler bilen duşuşdy.

Türkiýäniň S-400-leri almak bilen söweşe taýarlanmaýandygyny nygtan Erdogan “ Milli howpsyzlygymyzy we sebitiň durnuklylygyny gorap saklamak üçin tagalla edýäris, şol maksat bilen goranyş senagatymyzy hem güýçlendirýäris” diýdi.

Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli belli bir böleginiň we 2020-njy ýylyň ahyryna çenli hem S-400-ler bilen arabaglanşykly etabyň tamamlanjakdygyny aýdan Erdogan , S-400-leriň gözegçiliginiň Türkiýäniň ýaragly güýçlerinde boljakdygyny belledi.

Prezident Erdogan “S-400-ler taryhymyzyň esasy şertnamalaryndan biri. S-400-ler NATO-nyň geljegi taýdan hem möhüm, NATO şertanamadan hoşal bolmaly” diýdi.

Prezident Erdogan S-400-ler bilen F-35-leriň arabaglanşykly hökmünde görkezilmegi hakyndaky soraga “S-400 howa goranyş ulgamy, F-35-ler bolsa hüjüm ýaragy” diýip jogap berdi.

Prezident Erdogan F-35-leriň önümçiligi üçin Türkiýäniň häzire çenli 1 milliard 400 million dollar töländigini ýatlatdy

Erdogan “ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen Ýaponiýada F-35-ler barada pikir alyşdyk we Jenap Tramp daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde egindeşlerine F-35 taslamasynyň meýilleşdirilşi ýaly dowam etjekdigi barada möhüm ýüzlenme berdi” diýdi.

Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti bilen ýakynda gepleşik geçirjekdigini ýatlatdy



Degişli Habarlar