Italiýa Kahramanmaraşa ornaşdyrlan SAMP-T raketa goranyş ulgamynyň iş möhledini uzaltdy

SAMP-T raketa goranyş ulgamynyň iş möhledi 31-nji dekabra çenli uzadyldy

1230575
Italiýa Kahramanmaraşa ornaşdyrlan SAMP-T raketa goranyş ulgamynyň iş möhledini uzaltdy

Italiýanyň mejlisi, Kahramanmaraşa ornaşdyrlan SAMP-T raketa goranyş ulgamynyň iş möhlediniň 31-nji dekabra çenli uzadylmagy barada karar kabul etdi.

Italiýanyň Mejlisiniň Daşary işler komissiýasynyň geçen aýlarda kabul eden, İtaliýanyň halkara missiýasy baradaky degişli karary Mejlisiň Baş Assambleýasynda kabul edildi.

Karar, Italiýanyň Kahramanmaraşa ornaşdyrlan SAMP-T raketa goranyş ulgamynyň iş möhlediniň 31-nji dekabra çenli uzadylmagy göz öňünde tutulýar.

Karar 9-njy iýulda Senatda sese goýlandan we Prezident Sergio Mattarrella tarapyndan tassyklanandan soň güýje girer.

Italiýa, Türkiýäniň talabyna laýyklykda 2016-njy ýylyň 6-nji iýunynda Kahramanmaşa howa goranyş ulgamlaryny ornaşdyrypdy.

Ispaniýa hem ýaňy ýakynda kabul eden karary bilen Türkiýäniň howa goranyşy üçin 4 ýyl ozal Adana ornaşdyrlan Patriot raketa goranyş ulgamlarynyň möhledini 2019-njy ýylyň ahyryna çenli uzadypdy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar