Türkiýäniň Prezidenti Hytaýda dabara bilen garşylandy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ýaponiýa saparyndan soň Hytaýa bardy

1228824
Türkiýäniň Prezidenti Hytaýda dabara bilen garşylandy
erdogan cin6.jpg
erdogan cin5.jpg
erdogan cin3.jpg

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpin tarapyndan Beýik Halk zalynda dabara bilen garşylandy.

Dabaradan soň iki lider ilki ikiçäk duşuşyk geçirdiler, soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdiler.  

Topara gepleşiklerden ozal gysga beýanat beren Erdogan, özüne we wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin Si Szinpine we Hytaýyň halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen soňky ýyllarda ýygy-ýygydan duşuşyk geçirýändigini aýdan Erdogan, Türkiýe-Hytaý gatnaşyklaryny ähli ugurlarda ösdürmek we strategik bir garaýyş bilen güýçlendirmek babatynda ylalaşandyklaryny aýan etdi.

Müňlerçe ýyllyk gatnaşyklara eýe, Ýüpek ýoly bilen biri-biri bilen birigen gadymy medeniýetleriň üstüne gurulan Türkiýe-Hytaý hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi üçin mümkinçiligiň uludygyna ynanýandygyny aýdan Erdogan: “Bir Hytaý syýasaty Türkiýe üçin strategik derejede möhümdir. Hytaýa guraýan saparym bu gezek global parahatçylygyň we durnuklylygyň synagdan geçýän mahaly amala aşyrýaryn. Türkiýe-Hytaý gatnaşyklarynyň güýçlenmegi, sebitleýin we halkara derejede durnuklylyga uly goşant goşar” diýip belledi.

Prezident Erdogan we aýaly Emine Erdogan bilen bilelikde, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Jewdet Ýylmaz, Prezident Diwanynyň Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bilen Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Hytaýyň paýtagty Pekine gitdiler.

Erdogan Si tarapyndan beriljek agşam naharyna gatnaşar.


Etiketkalar: #sapar , #Hytaý , #Erdogan

Degişli Habarlar