Liwiýada zamun alynan 6 türk raýaty boşadyldy

Liwiýada Hafter güýçleri tarapyndan zamun alynan 6 türk raýaty boşadyldy

1228044
Liwiýada zamun alynan 6 türk raýaty boşadyldy

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Liwiýada Hafter güýçleri tarapyndan zamun alynan 6 türk raýaty boşadyldy.

Diplomatik töwerekler, türk raýatlarynyň Liwiýaly firmanyň ýolbaşçylary bilen işleýän gämilerine dolanp gelendiklerini we öz islegleri bilen işlerine dowam edýändiklerini mälim etdi.

Hafter güýçleriniň 6 türk raýatyny zamun almagyndan soň, Daşary işler ministrligi “Liwiýada Hafter güýçleri tarapyndan 6 türk raýatymyzyň zamun alynmagyny garakçylyk wakasy hökmünde häsiýetlendirýäris. Raýatlarymyzyň gyssagly boşadylmagyna garaşýarys. Şeýle bolman halatynda Hafter güýçleri nyşana ýagdaýyna geler” diýlip duýduryş beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar