Siriýada bir türk esger şehit boldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda gözegçilik edýän ýerinden, 10 belgeli Türk gözegçilik nokadyna toplar bilen guran hüjüminde 1 türk esger şehit boldy, 3 esger ýaralandy

1226784
Siriýada bir türk esger şehit boldy

Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, hüjümden soň Asada tabynlykdaky güýçleriň ýerleriniň sebitdäki toplar bilen nyşana alynandygy we täsirli ýagdaýda hüjüm guralandygy habar berildi.

Beýanatda: “Hüjüm bilen baglanşykly Russiýanyň Ankaradaky harby attaşesi Baş ştaba çagyrylyp Russiýa maglumat berildi, hüjümi guranlaryň iň agyr derejede jezalandyryljakdygy beýan edildi” diýip aýan edildi.


Etiketkalar: #Idlib , #Türkiýe

Degişli Habarlar