Milli Goranmak ministr Akar Şanahanyň hatyna jogap ýazdy
“Hatda hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelýän usulyň we çemeleşmäniň biynjalyk edýändigi ýene-de bir gezek nygtaldy"
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-nyň Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahanyň hatyna jogap ýazdy.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Şanahanyň 2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda ýazan hatyna Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň şu gün jogap ýazandygy nygtaldy.
Beýanatda “Hatda hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelýän usulyň we çemeleşmäniň biynjalyk edýändigi ýene-de bir gezek nygtaldy. Bilinýän garaýyşlarymyz we tekliplerimiz giňişleýin beýan edildi. Sylag-hormada we dostluga esaslanýan gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň kynçylyklaryň çözülmegi taýdan möhümdigi nygtaldy” diýildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.