Fuat Oktaý, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň başlygy bilen duşuşdy

Fuat Oktaý Halkara Zähmet guramasynyň 108-nji Halkara Zähmet konferensiýasyna gatnaşýar

1215805
Fuat Oktaý, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň başlygy bilen duşuşdy

Wise-prezident Fuat Oktaý, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň başlygy Maria Fernanda Espinosa Garces bilen duşuşdy.

30 ýurtdan döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagynda Halkara Zähmet guramasynyň 108-nji Halkara Zähmet konferensiýasyna gatnaşmak üçin Şweýsariýanyň Ženewa şäherine giden Fuat Oktaý, konferensiýanyň çäginde toparara gepleşikler geçirýär

Oktaý, BMG-nyň Ženewadaky merkezinde BMG-nyň Baş Assambleýasynyň başlygy Maria Fernanda Espinosa Garces bilen duşuşdy.

Duşuşyga Maşgala, zähmet we sosial üpjünçilik ministri Zehra Zümrüt Selçuk bilen Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili ilçi Sadyk Aslan hem gatnaşdy

Duşuşykda Türkiýäniň galkynyş maksatnamasy, BMG-nyň Tehnalogiýa bankynyň ähmiýeti we Stambul şäherinde açyljak BMG-nyň Ýaşlar merkezi hakynda pikir alyşyldy

 

 



Degişli Habarlar